garyplyk

garyplyk
Garybyň hal- ýagdaýy, garyp bolup mätäçlikde ýaşamaklyk.
∙ Garyplyk çaga-çaga ýanynda, aýal ýanynda, goňşy-golam ýanynda adamyň başyny aşak salýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
∙ Gyzym, sen hem garyplykdan basylyp, özüňi aldadaýmagyn! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
∙ Garyplyk öldürmez, öldürmesede güldürmez. (Nakyl)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.
Meselem garyplyk - garyplygy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно сделать НИР?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»